Oýun we çyn
Oýnasy gelýäne oýnama diýme,
bilip ýa-da asla bilesi gelmän,
bolan bolup işi, pişesi bilen,
namazlygy ýa-da çüýşesi bilen,
ýaşar adam öz suwunda gulaçlap,
ojagyna görä ot ýakyp, gülüp,
oýun oýun bolar oýnasaň näçe,
a çyn başga, belki, bilmersiň ölüp.