Dereje meselesi

Даже если вас съели, у вас есть два выхода. Николай Фоменко

Sen öz iliň derejesin bilersiň,
ýa tanarsyň hökümetiň türmede,
hakyky ýüzüni göreňsoň günde,
hakyky sözüni aýdansoň açyk,
soň ol hakykatdan bilmersiň gaçyp,
ýat illerde ýaşasaň-da otuz ýyl,
nirä barsaň, çalar yzyň şermende,
ýa duýarsyň aç gözlerin arkaňdan,
eşidersiň aýdylmadyk sözlerin,
dogry, şükür edip ýaşajak borsuň,
emma iliň derejesin bileňsoň,
toýunda däl, ýasynda däl, elbetde,
türmesinde, emel ýeten ilinde,
ezip bilse içi gülýän, eselýän,
egilmeseň, döwülmeseň peselýän,
ýatsaň, tursaň, günde çagyryp haky,
ýa bolarsyň terkidünýä, ýa azat,
ýa bolarsyň nobatdaky ýallaky.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024