Ikilikçileriň jezasy
Öý işiňiz etmeseňiz,
a mugllym ýüze gelmän,
ýüze bolman baha goýsa,
dogry sözi aýtmagy däl,
eşitmegi unutsaňyz,
goldamakdan geçen, gaçan,
halaly däl, haram tapsa,
bagra basan heran-haçan,
elin çarpyp gep-gybata,
töhmet atyp, çykan ata,
hiç ulalyp, oňalmadyk,
elli, altmyş ýaşap jahyl,
pida bolan bolup oýnap,
hakykatda çüýrük, bahyl,
ikilik däl aljagyňyz,
bu durmuşyň sapagynda
diktatura bolar uzak,
bir-birege gurup duzak,
bir-biregi arzan satyp,
bolýan bolsa munça ýyllap,
galmazdyňyz beýle ýatyp...