Hökümet we halk
Hökümetiň seni öldürse bir gün,
zäherlese ýuwaş-ýuwaş ýa birden,
akylly kän bolar, ýalňyşdy diýip,
çykar durar kemiň bilen her ýerden.
Şonuň üçin, belki, hökümet zalym,
namart hemem açgöz, bihaýa bolýar,
millet akyl satyp, akylly bolman,
özi öz kümsügniň astynda galýar...