Namardyň ýeňşi

Akmak bilen jedel edip ýeňmersiň,
oýarmarsyň uklan bolýan adamy,
gözlerini ýumup, görmedik bolup,
gulaklary jam dek ulalan, salam
bermelini, almalyny saýlaýan,
ýörelgesi – namart olam, sag olam,
uly, kiçi ogrulara ýallaklap,
allasy pul, hudaýy mal, dilewar,
dilinde bir, ýüreginde başgasy,
pikir eder özi giň-de, iller dar.

Ozal ogry, soňra pida ýa halal,
adalatçy roluny oýnaýan,
samsyk saýar çykarmasaň sesiňi,
ulanjak bor otdan, suwdan geçýänçä,
özi başgaň hiç derdine ýaraman,
ýöne jedel etmek manysyz bolsa,
gaçmak galar bimessepden garaman.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024