8-nji mart goşgusy
Garyplykda, kemsitme astynda ýaşap geçen aýal-gyzlaryň ruhuna bagyşlaýaryn.
Bir zaman şahyrlar aýly gijäniň
göwheriniň baryn ýere dökýärdi,
ýyldyzlary hünji edip dilinde,
ýar boýnuna monjuk edip dakýardy.
Dogry, şahyr garyp bolýar elmydam,
emma syýasatçy ondan has garyp,
nebitini, gazyn talap milletiň,
dur diýeni tutsa, öldürýär urup.
A soňundan, sowgat diýip, eý, aman,
iki dollar berýär alalap ili,
alanlar işleýän, hoşal bolmaly,
almadyklar ýalta, bükmedik bili.
Meger, şudur tapawudy şahyryň,
syýasatçyň, ak köýnekli galtaman;
birisi iň bolman jomart dilinde,
beýlekisi gabyr gazýar ýaltanman.