Öz-özüni ýok edýän il

On ýa onki dogan bolup,
dogan bolup sekiz, dokuz,
dogan bolup ýedi ýa bäş,
diňe biri okanyndan,
okamany gowy, belki,
okamadyk köplük, çünki
çeker yza, at güýji kän,
palçy, tebip, çöl ýerlerden
it pohuny alyp geler,
ýa ýalakdan ministre
suw içiren aýal gördüm,
aýal gördüm dekan bolan,
fakulteti – çet ýurt dili,
doga alýan äri üçin,
prokuror hem neşekeş;
on ýa on bäş dogan bolup,
okanyndan diňe biri
okamany gowy, belki,
ýa gaçmaly başyň alyp,
öz-özüni bogýan ilden,
okan bolsa, urýan ilki,
demliginden tutup mäkäm,
gaty görmäň aýdanymy,
ýok bolmanka ýomut, tekäm...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024