Afrikan nakyly
Eger oba gujagyna gysmasa,
ulalansoň çaga bir gün
oda berer obasyny,
ýylysyny duýmak üçin,
men ilimi islemedim otlamak,
ýylysy-da gerek däldi, sögmese,
üşütmese kaýyl boldum ýat ilde,
onuň özi oda berdi özüni,
özi öz üstünden bihaýa güldi
haýal otda ýakyp otuz ýyl bäri,
hem birden köpeldi namysly dilde...