Surat

Ene dili güni ýazylan goşgy

"...я понимаю, почему смерть удмурта Альберта Разина и не взволновала культурную Россию." Гасан Гусейнов

Başga biri dili üçin,
alym adam, ili üçin,
hany-many, zybanyny ýitirýän,
özüni otlasa gelip paýtagta,
düşünip bilermi aga bolanlar,
ýa bizi çykaran tümlükden ýagta?!.

Şükür, sebäp bilen, obada doglup,
bolmandyrys emeldaryň dogmasy,
öz diline pitjiň atýan, ýylgyrýan,
başga dilde okan hemem sowatly,
ýöne käte baş aýak-da, aýak baş,
sowatlylar bolsa bisowat bolýar,
a eşekli bolýar atly.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024