Yglan edilmedik uruş we adam ömri
Urşy diňe yglan edip urmazlar,
şükür et sen, şükür etme, parhy ýok,
ok ýaganok diýip sagdan ýa soldan,
uruşdyr ol, adam bolsa nyrhy ýok,
ýa bahasy ýere degse ömüriň,
diňe gylyç, gyrkylykly urşulmaz,
ölen ak bor, ýüzügara kömüriň
garalygna aklyk kibi ymsynyp,
daş-ýakyndan gözi gidip sereder,
uruş diňe yglan edip urşulmaz,
düşünmedik dag ömrüni ýer eder.