Dünýäniň gurluşy
Sen öňüňden güjük çyksa, it çyksa,
gahar etse, gelýäň diýip,
ýogsa men bar, bilýäň diýip,
ýa ýolumy alýaň diýip,
yrsarasa, jabjynsa kän,
gahar edip durmarsyň han,
serdar bolup öz ýanyňdan,
sowularsyň ýoldan gyra,
bu dünýäniň gurluşydyr,
ýöne sowlup gutulmasaň,
düşünmese ýol bereniň,
hem üstüňe gelse ýene,
ýa gaçarsyň başyň alyp,
ýa taparsyň başga çäre.