Seniň borjuň

Sen iliňe, milletiňe garşy git,
yza gidýän bolsa birleşip, üýşüp,
busýan bolsa sessiz ölmezden ozal,
gülki bolsa dünýä ýöremän, süýşüp,
goý, gülsünler ýaňsa alyp aýdanyň,
ýada-da sögsün hökümetçi şahyrlar,
ýazyjy, bozujy aňsyz milleti,
ýa populist watançylar, nadara
gykylyk etsinler hemmesi birden,
sen iliňe, milletiňe garşy git,
yza gitse köplük bolup, birleşip,
hemem diýen sözüň diňlän bolmasa,
ölse ýeke-ýeke urlup, ýenjilip,
gorkusyndan hatda iňlän bolmasa,
ýa-da huşsuz aksakgallar, telpekli,
elin çarpyp, alkyş aýtsa ezijä,
sen aksakgal gojalara garşy git,
garşy git sen ak gyňaçly ejä-de,
hapa syýasata goşulsa baryp,
ýaşlaryna, tahýa geýen ählisi,
tans edýäne, aýdym aýdyp ýalandan,
aýt sözüň, giç bolmanka, bilseler,
bilmeseler başga, öz işi iliň,
soň aglama garyplykda ölseler...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024