Sözüň güýji
Bal bolsaň-da peýdasy ýok,
başga zady garsaň, gatsaň,
çöp-çalama girseň, ýatsaň,
soň özüňi küýzä salyp,
men arybal diýip satsaň,
öwseň diýip tämiz, süýji,
dadan biler tagamyňdan
kimdigiňi, nämedigiň,
çyn bolmasa, eger-eger,
müň bir sözüň bolmaz güýji.