Surat

Milli duşmançylyk

Я была тогда с моим народом, Там, где мой народ, к несчастью, был. Анна Ахматова

Gemirmeli bolsa birek-biregi,
ýa başyny iýişmekde başlynyň,
aýagyny köwüşmekde duranyň,
ýa durjak bolýanyň aýak üstünde,
ýok bolsa-da ýeter, tapylar ildeş,
iliň ogly bolan bolup oýnaýan,
ýüz ýaşasaň, ýüz on ýyllap azyndan,
ýeke-ýalňyz, öz günüňe goýmaýan,
emma egni egne bermeli bolsa,
birleşmeli bolsa, durmaly bolsa,
birisi däl, ikisi däl, il üçin,
bar bolsa-da, sesi çykmaz kimsäniň,
parhy bolmaz gutaranda adamlar,
iki milýon, üç ýüz milýon ýa käniň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024