Surat

Ezijileriň aladasy

Adam aýtdy:

"Amerikada doglan pakistanly ýazyjy bilen geçirilen söhbetdeşligi diňledim. Ol Amerikada ýaşaýan pakistanlylar bilen duşuşanda, parahatçylyk boýunça Nobel baýragy berlen Malala günbatar tarapyndan musulmanlaryň arasynda ornaşdyrylan içalymyş diýen ýaly myş-myşy eşidendigini ýatlaýar. Men o gyzyň Pakistanda gyzlary, diýmek geljekki eneleri okatmak, ýagny, pakistan halkyny garyplykdan çykarmak ugrunda kampaniýa alyp barandygyny we yňdarmalar tarapyndan janyna kast edilip, zordan aman galandygyny eşidipdim. Bu gürrüňden soň millet näçe ýüz million bolsun, ýa-da adamlar haýsy ýurtda, haýsy jemgyýetde ýaşasyn, tapawudy ýok, hemme ýerde öz duran ýerinde, gep-gybat içinden çykyp bilmän galýan eken-ow diýip oýlandym. Ýa bu beýle dälmikä? Men göwniçökgünlik edýärmikäm? Bu hili adamlar hemme ýerde, hemme asyrda bolsa-da, her jemgyýetde azajyk, emma hökman dogulýan malalalaryň öňüni almak, olary öldürip gutarmak kynmyka? Eger aňsat bolsa, adalat ugrunda göreşijileriň öňünden munça ýaragly adam çykarmak nämä gerek? Ýa-da köplügiň aňyny öz gysymynda saklamaga çalyşýan ezijiler dowla düşýärmikä?.."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024