Arzan gymmatlyk
Gymmatlygy bu milletiň ýa onuň,
näme diýse diýsin dilde, aýdymda,
pul bolanda, mal bolanda öňürti,
görünmek bolanda üýtgeşik, gowy,
maly bilen, puly bilen ogurlan,
ýa-da başga emel bilen edinen,
ne ajy azalar, ne-de garyby,
ne sowatsyz, jenaýatçy her hili,
aşakdan ýokaryk, ýokardan aşak,
ýyl-ýyldan köpeler, jaý salsyn uly,
san-sajaksyz, gat-gat edip owadan,
dermany ýa emi tapylmaz ynsan
özi öz nebsiniň bolanda guly;
gymmatlygy ýalan bolsa milletiň,
ýigreneni bolar bilýän, düşünýän
aýdylýana, diýilýäne bir ýandan,
beýleki tarapdan edilýän işe,
ýok ederler olar dogryny, dürsi,
birleşip, barysy edinip pişe.