Üýtgän adamyň hakykaty

Adam hat ýazypdyr, gahary gelip,
bu dünýäniň hudaýy pul, hudaý däl,
dini – dollar, alla, taňry gutardy,
gaçdy, belki, başga dünýä baş alyp,
hemme ýerde, ýeke oba galmady,
gürrüňi ýok şäherleriň ullakan,
namaz okap ýa-da asla okaman,
esasy zat edip bilseň ogurlyk,
puluň bolsa, malyň bolsa, baş sebäp,
raýat sen iň sylagly, hormatly,
halal ogly döwletiň-de, iliň-de,
kazy-kelan, molla-müfti, metbugat,
barysy daşyňda, ýaşyrar aýbyň,
iki-ýeke hakykatçy tapylsa,
ýüzüne durarlar müň töhmet bilen,
meger şundan diýilipdir ýalançy,
sebäbi dünýä däl, adamlar ýalan,
olar adam bolup oýnaýar diňe,
öten agşam aýna bakman, oturyp,
bir gezek özüme seretdim siňe,
soňky ýyllar üýtgäpdirin mazaly,
has dogrusy, azypdyryn pul diýip,
ýene iliň gürrüňini edýärin,
pula ýa-da şan-şöhrada gul diýip...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024