Ownugyň ömri
Sen gürrüňi ownatmajak bolarsyň,
çünki ile gürrüň gerek, gep gerek,
ulusy däl, belki, ownukdan-ownuk,
gelejegi gyzykdyrmaz köplügi,
tämizsirär nirde ýuwnuksyz ýuwnup,
sen gürrüňi köpeltmejek bolarsyň,
Pyragy bol, Kemine bol, parhy ýok
pygamber ýa hut hudaýyň özi bol,
ile seniň hakykatyň gerek däl,
sebäbi hakykat her kimde başga,
işigaýdan gepden çeker minneti,
gybat bilen ýaşar ölýänçä, belki,
sebäbi ol köşeşdirer, ýoýulan,
üýtgedilen gürrüň islege görä,
alyp gaçar öz oýnuna adamy,
niýetine çenli peseler ynsan,
etseň, gürrüň bolar, düşersiň aşak,
ownuk öler özi ýala gep daşap.