Doklar we açlar
Dokuň açdan habary ýok diýseler,
düşünersiň, geň galmarsyň iň bolman,
emma ajyň açdan habary barmy,
ýa ýeňilen deň bolmadyk söweşde,
bir-birini goldaýarmy?
Ýa ýazyjy-şahyrlaryň, aýdaly,
gadagan edilen galplyk etmese,
ikilik etmese özüne, ile,
ýa-da başga dereleriň şirleri,
awundan hem oljasyndan aýrylan,
kimiň kimden habary bar dünýäde,
sebäbi käbiri egoist örän,
a başgasy çenden-çakdan başagaý,
ýa-da bilýär sebäbini açlygyň,
kimiň nädip ogurlanyn saçagy,
ýa nirede nädip ýykdylar özün,
kärdeşleri, dost-dogany birleşip,
ýa görmedik bolup entände erbet,
geçdiler deňinden gülüp, gürleşip,
dokuň açdan habary ýok, bu dogry,
emma ýeňlen ýat illerde bir-birin,
düşünmek kyn ýaralasa ýigrenip...