Hökümet we halk namysy

"Men un satdym, ten satmadym we satmakçy hem däl." Türmede namysyny goran aýalyň aýdan sözi

Hökümet halkyny zorlaýan güni,
ilki talap ähli hakyn, hukugyn,
diýen güni aç-hor, çökerdim dyza,
bir naçar turýar-da, aýdýar sözüni,
men un satdym, ten satmadym, satmaryn,
nebit satan gülüp, sürýärkä döwran,
belki, bilip öldürerler bigüman,
birinji däl, ikinji däl, sebäbi,
ýöne adam adam bolsa içinde,
türmäniň türmesi gorkuzmaz ony,
ýa gorkuzmaz açlyk, ölüm, töhmeti
ýarag edip atýan döwlet, otuz däl,
ýüz elli ýyl depelesin milletin,
gepläni susduryp, atyp ýa asyp,
turan bolar hökman gorap namysyn.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024