Ýoldaşyň garga bolsa...

Belki, seniň gelen ýeriň möhüm däl,
ýa eglenen dereleriň, şäheriň,
ýa-da barýan, barjak ýeriň ahyry,
sebäbi adamlar bir ýerden geler,
bir ýerde säginer, çaý-çörek iýip,
soňra ýene dowam eder ýoluny,
emma möhüm barýan wagtyň, oýlansaň,
ýa dynjyňy alýan wagtyň azajyk,
soňra ýoluň dowam etseň, etmeseň,
kim ýanyňda, ýoldaş bolan, ugradan,
pikirdeşiň, pikirdeş däl, duşmanyň,
kim öldürjek seni kem-kem zäherläp,
a kim gaýgy etjek saglygyň, janyň?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024