Döwlet we pidalar
"Били дубинками и щитами". "Ýesirler ýörişine" gatnaşanlaryň gürrüňinden
Olar ýurduň goragçysy, hamala,
goraýarlar kanuny hem kadany,
elleri taýakly, diňe taýak däl,
atyp alyp bilýär uzakdan hatda,
ýok, bilýär däl, atyp ýörler 17
ýol açaly bäri atmaga adam,
ady döwlet bu döwletiň, elbetde,
meger, şondan atmak, öldürmek kada,
asla döwlet diýmek goramak däl-de,
ýowuz, namart daramak dek adama,
ýöne gowy ýeri adam öldüren
käte bişýär lowlap, ýakan oduna,
ýa-da düşýär çukuryna çuňaldan,
ýöne munuň peýdasy az, sebäbi
öňi, ardy kesilmeýär olaryň,
kesbi-käri urmak bolsa döwletiň,
ogurlamak bolsa, talamak bolsa,
öldürilen ölýär, gelmeýär gaýdyp,
çünki bilýär näm boljagyn dolansa.