Şygyr ölse

Şygyr ölýär, goşgy ölýär dýidiler,
ýylgyrdylar, ýok olary okajak,
ýa gül berjek goçak-goçak,
ol ozallar bolşy ýaly,
ellerin galgadyp, goşgy okasa,
şahyr bolsa apalap,
indi asla okaýan ýok ýa-da az,
ýa-da kyssa, ertekijik okarlar,
çagalary bilen, ýatyrjak bolup,
sebäbi erteki güýmeýär biraz,
a goşguçy, şahyrsumak, akyldar,
oýlandyrjak bolýar adamy, akmak,
şonuň üçin okaýan ýok olary,
diýmeli olara asmana däl-de,
gerek size ýere bakmak!

Bu, meger, hemişe şeýle bolupdyr,
ýöne şygyr ölýän bolsa has bu gün,
ýa bolmasa ony okajak asla,
ýa az bolsa okasa-da düşünjek,
meger, ölýär has uly zat goşgudan,
gülmeli däl muňa, etmeli ünji.

Sebäbi ahyry ýok bolsa şygyr,
başga zatlar has köpelip almaga,
ýa wagtyňy geçirmäge şadyýan,
ýuwaş-ýuwaş boşar adamyň kalby,
a soň olar alyp alýan zatlaryn,
öňküsi dek lezzet alyp bilmezler,
hem köpeler hemme zady bar emma,
içinden hiç ýüzi-gözi gülmezler.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024