Görgüli

Akyldarlar aýdanmyşyn döwletler
daşyndan däl, ýykylarlar içinden,
emma daşdan gelen itişer soňra,
iki-ýeke diwarlaryn ýykýanyň
öz döwletin bilip, bilmedik bolup,
köpler galar harabanyň astynda,
a az-owlak, emel ýeten, akylly,
köşk gurunan urup-çapyp wagtynda,
biznes edip, bolan pully,
günäkärlär aýdan bolsa aýbyny,
diňe ýurdy, döwletleri däl uly,
adamy ýykarlar daşdan däl, içden,
ynamyny, hem özüne, hem ile,
ýa din bilen, ýa-da dinsiz ogurlap,
näme boldy, bilip bilmez görgüli.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024