Serhetde öldürilýän watançylyk

Adamyň ýurdunda galasy gelýär,
adamyň ýurdunda bolasy gelýär,
toýda, ýasda, ile-güne garyşyp,
adamyň ýurdunda ölesi gelýär,
emma onuň gara başy gowgada,
ili aglak, doňuz depä çykanda,
hem hökümet, berlin diwary ýaly,
kanun bolsa, haýat ýaly ýykanda,
gaçyp çykýar ugrun tapan ýat ile,
hiç bolmasa, para berip watany
goramaly adamlara ýalbaryp,
ýöne pahyr dolananda on ýyl soň,
söz sypdyrsa başga dilde agzyndan,
azgyrylar serhetdäki watançy,
unutdyňmy diliň diýer iki gün
hammal bolup türke, kürde,
gygyrasy geler adamyň, aman,
siz aslynda bolsadyňyz idili,
bersediňiz türküň beren iň agyr,
emma ahyr çörek berýän işini,
gitmesedim, görmesedim görgüsin
ýat illerde hammallygyň ýeke gün,
emma dymar, sebäp gelip, gitmeli,
ýene hammal bolmalydyr, gör, näçe,
ýagy bolsa emel ýeten mätäje...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024