KGB hakykaty
Seniň özüň özüňki däl,
özüňki däl ömrüň seniň,
gözüň seniň özüňki däl,
sözüň seniň özüňki däl,
özüňki däl agyz-burnuň,
özüňki däl dişleriň-de,
hem şeýleräk gulaklaryň,
çünki şek ýok, gözleriňi
kör ederler isleseler,
ker ederler isleseler,
gana bulap agyz-burnuň,
dişleriňi döwüp, ýenjip,
sem ederler sesiň, oglan,
bilip bilmän borsuň heläk,
dogulanmy, ýa däl doglan?
Öýüň, jaýyň daşda dursun,
daşda dursun mal-emlägiň,
okadansoň döwlet seni,
ýa ýuwansoň beýniň, başyň,
göze basyp gazetini,
ýa-da ýenjip TW bilen,
sebäbi sen bir bölegi
ogurlygyň başda goýlan,
ýer ogurla, suw ogurla,
ýa-da dökün, tehnikany,
ýa pomidor, ýa-da hyýar,
nebit bien gaz ogurla,
bolup bilseň uly haýýar,
dannama hiç, dannamazlar
tiresinden bolan bolsaň,
bir basgançak galan bolsaň,
başarmasaň, başdan-aýak
talanýanyň biri bolup,
galarsyň at tozanynda,
hem ýadaman el çarparsyň,
atyň alan ozanynda...