Wagt meselesi
Telpek geýseň, telpegiňi,
ýa-da syla selläňi sen,
kellesizden haýyş etme
işlet diýip kelläňi sen,
goý, gul bolsun soňuna çen,
ogly, gyzy bolsun ýesir,
ogry-jümri, täze baýa,
sen sözüňi etme zaýa,
garalana, gülene ýa,
sebäbi oň kellede däl,
ýüreginde mesele bar,
mesele bar niýetinde,
gaýratynda has anygy,
atma okuň boş meýdana,
boş geçirme gülläňi sen,
ýitirme hiç jinnek wagtyň
ýol uzakka pelläňe sen.