Ezilýän we ezýän

Революционная ситуация: низы больше так не хотят, а верхи больше так не могут. В.И.Ленин

Ezilýänler ezilmegi
islemeýär mundan artyk,
ýadadylar ezilmekden,
aýagasty ogly, gyzy,
çörek atly iň beteri,
paý-pyýada galýar olar,
ak bolmasa maşynlary,
gara maşyn - garamaňlaý,
giden gitdi ekmek gözläp,
başyn alyp gaçan-da bar,
soň näm bolar, bilip bilmän,
a ezýänler, bagty gelip,
ýaşan uzak elki-selki,
bilýär indi bolmaz aňsat,
gorkýar, bagty ýatar birden,
ýa-da ezse, ýok etse kän,
wagty yza çeker bir dem...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024