Milli talaňçylyk

Seniň hiç bir doganyň ýa
doganoglan, dolananyň,
çykanyň ýa daýy-ýegen,
bir goldawçyň ýokdur, garşy
çyksaň halkyň talaňyna,
ogrulara uly, kiçi,
gelejegi iýýän üýşüp,
hala huş bil, hala düýşüň,
sebäbi ýurt ýeke bolup,
iki bolup talanmaýar,
o birleri depä galyp,
o birine şarpyk çalyp,
talanýar ol köplük bilen,
hatda seniň doganlaryň,
doganoglan, dolananyň,
çykanyň ýa daýy, ýegen,
dymyp asla mugtuna däl,
az ýa-da kän paýyn alyp.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2021