Neresse halk
The degree of civilization in a society can be judged by entering its prisons. F.Dostoevsky
KGB-niň zyndanynda oturman,
gara suwa, döwüm nana zar bolman,
ýa zar bolman açyk howa aý-günläp,
gazet-žurnal, kitaplary goýaly,
tanaýaryn diýme ilimi, adam,
diýme bilýän görmän içini onuň,
ýagdaýyny ýa ýaşaýan gowagyn,
köşki-eýwan gurup daşyndan baksaň,
maşyn sürýän, emma gaňňa ýassygy,
Magtymguly, Kemine kim eşitmän,
diri bilip her kürsüli maslygy,
ilçilikdir, gürrüň eden kän bolar,
sebäbi dil bitenmişin öl ýerde,
dini ýa-da imany bar agzyna,
aýdan bolýan sözlerine seretseň,
ölseň bir gün ýok edenler keýpine,
başyn ýaýkap, diýen bolar neresse.