Adamyň ýüzi

Adam ogly ýüzi bilen tanalar,
adam ogly sözi bilen tanalar,
ýöne ýüzi üýtgäp dursa ynsanyň,
ýa-da sözi üýtgäp dursa günaşa,
hatda güne ýetmän, ýagdaýa görä,
adamsyna görä gürleşýän onuň,
ýa ýüzüne bir zat diýip biriniň,
giden bady gybatyna başlasa,
tanamak kyn bolar adam ogluny,
ýa tanarasyň sözünden däl, bolşundan,
hem gaçarsyň içe salyp dowluňy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024