Senet we semeni

Setirleriň hassa halka,
öz-özüni zäherleýän,
bir-birinden görýän ýeri
gatadykça soňy gelmän,
gahar edýän bir-birine,
çekinmese äsgermeýän,
derman bolsun, awy däl hiç,
galat etse, galat diý täk,
saklajak bol galat ýoldan,
bolsa dilde çalaja güýç,
galat bilen bolma galat,
galat ýykar ir ýa-da giç.

Diňe gyryp daşardan däl,
ýarag çekip gözi ganly,
ýa-da urup basyp alan
depesinden ýüz on ýyllap,
ýykmaz ili hassa edip,
ýykylar ol öz içinden,
özi bolup basyp alan,
öz-özüne duşman, belki,
emel ýetse iki günlük,
bir-birini ezer soňsuz,
bir-birine atar töhmet,
ýöne öwer özüne bap,
aňyrsy boş janawary,
ýansaň, ýazsaň, düşme aşak,
beýleki ýol agyr, aryp,
bolma bagşy her üýşene,
senediň semenä garyp...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024