Şermende
Ýeri, mekdep bolanda nä,
gatnaňda nä on-onbäş ýyl,
ynanmasaň il-günüňe, özüňe,
öwrenmeseň okamagy, iň beti,
ýa-da okap, düşünmeseň hiç zada,
saýgarmasaň gowy bilen erbedi,
ýa gyssagda kanunlara göz aýlap,
derdiňi, arzyňy aýdyp bilmeseň,
gara gorpa barman, gaýdyp bilmeseň,
ýa ýazyp bilmeseň düzüwli sözlem,
ýa bir dogry sözi, ýalňyşyp hatda,
ugran ugruň ýapyk bolar ýa batga,
ýaşan ýaşyň ýarag bolar özüňe,
maşgalaňa garşy, atyljak günde,
gowy bolsa, ölmän sypyp, daşarda,
bolup bolar, belki, biraz şermende.