Surat

Söýeg krizisi

Gahar etseň, çydap bilmän gygyrsaň,
adalatsyz diýip bu bolýan zatlar,
mysal üçin, diplom alan hukukçy,
kanuny goraýan kagyz ýüzünde,
ýa deputat, kanunlary çykarýan,
emma işi adamlary maýyrmak,
ýary-ýardan, mydaryndan aýyrmak,
ogul-gyzy ýetim goýmak agladyp,
ýykmak bolsa tünek goýman dik duran,
naçarlary çörek üçin ylgadyp,
türmeden geçirip, talap milleti,
gygyrsaň bu adalatsyz, bolanok,
ýalandan ýa çyn ýürekden gülerler,
soň sögerler eneň, ataňy goýman,
soň söýeglik adam tapman ölerler.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024