Öldürilen ejem gowy bilýärdi
They don’t love you like I love you... Natalie Diaz
Öldürilen ejem bilýärdi gowy,
diýýärdi ber biraz wagty olara,
biler ýaly seniň gadyr-gymmatyň,
agramyňy çeker ýaly howlukman,
terezisi, daşy bolsa düzüwli;
bilýärdi ol meniň çekýän derdimi,
ýagny ogry, pursatparaz däldigim,
gowudygyn niýetimiň, başarsam
ilim üçin etjegimi gowusyn,
hem diýýärdi olar edil men ýaly
tanamasa ýa-da söýmese seni,
sylamasa çeken jebri-jepaňy,
gören gara görgüleriň il üçin,
eger-eger pikir etme hiç haçan,
aňlatmaz bu seniň gowy däldigiň,
wah, bilýärdi janym, ejem,
emma ony öldürdiler birleşip,
duşmanym kän boldy dogan-gardaşda,
şärik bolup KGB-niň işine,
dökdüler, galmady birisi abat,
pulum bolsa, gidýär indi dişime.