Iň beýik halk

Bir türkmeniň ildeşlerine ýazyp, ibermedik haty.

Haýry ýetse, kömek etse,
ýaryşyň kän hudaý adyn,
alla adyn dakynmakda,
has ulaldyp ogluňyzy,
pygamberi az görseňiz,
taňry goýuň, guly bilen,
berdi bilen, saz görseňiz,
çekinseňiz azda-owlak,
uly geplän ýaly bolup,
ertir gelip, basyp alan
goý, gulyýew etse etsin,
goý, berdiýew ertse etsin,
özüňizi aldaň mydam,
hudaýhon ýa halal diýip,
düzüw diýip iň bolmanda,
açmaň kitap gatyn eger,
açyk kitap okamadyk,
ak sahypa içi kileň,
akyl satar öz çäginde,
ýa-da durşy gepde-gybat,
şyltak, töhmet üstesine,
ynanasy gelip özi,
balagyna ýetmez puly,
pal atdyrar, doga alar,
doganynyň öýün ýykjak,
çiler ýaly bolsa maly,
para berjek, aljak medal,
garaz, ilden tapawutlanjak,
ýeke dogry sözi bolmaz,
adammyşyn ýene, boljak
has ullakan, beýik, goçak,
ýaşaň şeýle, wagtyňyz kän,
ýele sowran ýaly ömri,
sowruň hapa, haram işe,
ölmersiňiz, iller öler,
galarsyňyz adam satyp,
ýa ýarymçyk gürrüň edip,
gatnap ýalan kurortlara,
şu günüňiz bolar mydam,
saklaň ony elde-aýak,
bir-biregi türmä itip,
gabra itip has anygy,
bir asyrlap armadyňyz,
irmediňiz, hyjuw uly,
dur diýene ýetýär taýak,
eger adam bolsa adam,
gowy bolsa päl-niýeti,
durar, diýer barýan ýolum,
walla, nirä alyp geldi,
soň yzyny tapjak bolar,
gerek bolsa yza gidip,
ýa seredip başgalara,
güni biraz gowy bolsa,
ýöne, eger-eger, alla,
bu degişli däldir size,
bir-biregi dargadyň siz,
bolsa arak-şerap berip,
o bolmasa başga neşe,
ýa gep beriň, awy-zäher,
alsyn içden az-kem burup,
a soň gülüp gidiň işe,
işlän boluň, tölän bolup,
aldasynlar özüňiz dek,
eý, siz beýik, eý, siz gowy,
bu dünýede iň ýeke-täk!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024