Surat

Ýagşy niýet

Ýagşy niýet edeliň-le diýdiler,
ýagşy niýet – ýärym döwlet, he-he,
ýagşy niýet etdik, dogry, deň bolman,
gowy bolar, gowy bolar, biribar,
emma näçe ýagşy niýetli bolsak,
şonça beter taladylyra watany,
toý tutdular garyp-gasar basgylap,
hudaý, alla ýa ýaradan gelmedi,
ýa-da gelip, öpdi watan satany,
ýagşy niýet edeliň-le diýdiler,
ýok, ýylanam çakmazmyşyn ýatany,
emma ýatanlary depeläp, basyp,
mazarlykda at çapdyrdy hökümet,
gaçan gaçdy, gaçmadyklar armanda,
azanlary bilmän asyp.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024