Il diýilýän

Il diýilýän näme, başyňy goýup,
hyzmat etseň, haýyn diýip haýkyrsa,
kürsä çykan nobatdaky emeldar,
ýa-da indi çykjak bolýan aljyrap,
düşünmedik bolar kim mamla, köplük
ýaşajakdyr, öljek däldir, galjakdyr,
begenmese begenersiň öleňde,
şeýdip şere ýadygärlik dikiler,
başyn eger millet hakyn iýene,
il diýilýän näme, hä bermez aňsat,
haýyr işe, dogry sözün diýene.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2021