Dagbaşy bolmasaň

Garry eneň gelin wagty,
garry ataň ýigit wagty,
ogly bolsa çüwüp bagty,
beýik ogul bolsun iýip,
Dagbaşy daksalar adyňa, alla,
soňra ýurduň elden gitse, ýeňilseň,
kimdigiňi unutdursa duşmanyň,
adyny üýtgedip eneňiň, ataň,
Dagbaşyýew bolsa agtyk-çowlugyň,
soňra ýagyň öz oýnunda utdursa,
ýyrtyp, zyňyp, pasportyňy täzeläp,
Dagbaşy bolmasaň silkinip, galyp,
arkaňa çalanda azatlyk ýeli,
eger-eger gelen, ýetişen bolmaz,
gal ýeriňden diýip, uzadyp eli.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2021