Milletiň ýagdaýy

Milletiň ýagdaýy ýaramaz bolmaz,
gar ýagsa ýa ýagyş ýagsa dynuwsyz,
derýalary joşup, çyksa hanadan,
ýa-da ýyllar gurak gelse yz-yza,
eger-de ýüregi gowy bolanda,
ýa bolsa ýerinde akyly, huşy,
tapar iller çäresini birleşip,
geçit gurar, içit gazar agzybir,
ýagy gelse, çykar bilini guşap,
emma niýet başga bolsa ýürekde,
dargar hemem ýiter uşap...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2021