Ajy hakykat

Men kämahal soraýaryn özümden,
şu gün, ýurtdan çykyp, azat hem erkin,
internete girip islän mahaly,
diýjek sözün diýip bilýän erkana,
öz-özüni oýnap, oýnunda ozan,
gargap bilýän birlerine, türkana,
bagty ýatan ile sowuryp tozan,
37 bolan bolsa näderdi,
näderdi ol türmä basdyryp bilse,
ýa atdyryp bilse milletçi diýip,
bu gün dosty, pikirdeşi, duz iýip,
ertir depesinden inderýän agaç,
näderdi, men soraýaryn özümden,
hemem ajy ýylgyrýaryn bialaç.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024