Ogry tilki
O gün internetde öňümden çykdy,
öňki azan aşagynda azany
işinden boşadýar, iberýär türmä,
aşyn içip, zyňan ýaly gazany,
durşy bilen hapa batan döwletde,
bolmak üçin il gözüne gowurak,
ýa, aýdaly, men etmedim, ol etdi,
pul gömüpsiň diýýär ýeten ýeriňde,
näme etjek onça puly, mül-mülki,
emma ilki öňe düşdi, öwretdi,
bilen diýýär ogry tilki...