Surat

Hemedan daş bolsa

Hemedan daş bolsa, kädi ýakynmyş,
dile gelen sözi aýdyjy bolma,
asgyn görüp çykma ýagyňa garşy,
ýa güýjüni görüp, gaýdyjy bolma.

Ömür göreş, agzyňda aş gatyklap,
doýurmarsyň il-ulusy, bozulan,
kelte bolmaz her depeden basylan,
uzyn bolmaz çar tarapa sozulan.

Oka, öwren, düşünjek bol, kemçilik
diňe bolmaz özgäniňki, ýadyňky.
Garnyň suwa atyp, garaşma kimsä,
bol özüňki, bolmajak bol zadyňky.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2021