Okamagy öwrenseň
Adamlary okamagy öwrenseň,
açyk kitap ýaly, gürleýän wagty,
dymýan wagty gaşyn çytyp gaharly,
gülýän wagty, belki, saklanyp bilmän,
ýa-da gülýän wagty gülesi gelmän,
ýa ýygyrýan wagty ýalandan, süýji,
içinden ýigrenip, ýetmese güýji,
garşysynda duran gara diwara,
hem öwrenseň okamagy özüňi,
asgyn ýeriň, ejiz ýeriň, pes ýeriň,
soň zaýalap ýörmersiň kän sözüňi.