Surat

Self-talk

Dik dur iki aýagyňda,
ylgajak bol, ýörejek bol,
her gün galdyr özüň ýerden,
her gün täze dörejek bol.

Ýok, zeýrenme, peýdasy ýok,
gahar etme, zyýan, belki;
gije, gündiz gezekleşer,
gezekleşer agy, gülki.

Hala arak, hala börek,
artyk bolsa, zäher bolar;
gaç gürrüňden, gep-gybatdan,
beter aşak salar olar.

Teşne içip, ganmaz mydam,
her aç doýmaz iýmek bilen;
görk eginden, emma her kes
gözel bolmaz geýmek bilen.

Öýke, kine eýikdirmez,
bir ýerlere urar hökman;
eger diýseň eglenmäýin,
git ýoluňa yza bakman...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024