Surat

Aralyk adam

Adama iş gerek gowy aýlykly,
bolsa ýany bilen sylag-hormaty,
çagasyna okuw gerek, gowusy,
bolar ýaly soňra işikde aty,
emma onuň göreşesi gelmeýär,
agzyny ajydyp, iň bolman sözde,
ýaranyp, ýallaklap ýaşap bilmese,
parhy ýok deňizde, çölde ýa düzde,
galýar busup biri gelip almasa,
başga biri daýanmaly, durmaly,
hem azanyň tumşugyna urmaly,
ýöne birden yza çekilse gedem,
şemal çalsa aňkan dünýä azajyk,
tapylýar bir ýerden diýip 'maňa-da',
ozalky ateist, geljekki hajy...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024