Arka hem pyçak meselesi
Arkaňdaky pyçaklary sanama,
sapy çykyp duran bolsun käbiri,
a käbiri çüýrän bolsun içiňde,
arka nämä gerek, bolmasa urjak,
ozalky baý ýa-da häzirki gurjak,
gapyllykda basjak bolýan emelsiz,
göni gelip, alyp bilmän ýüzbe-ýüz,
eden işiň, etjek işiň gorkuzýan,
il aglakka ata münen azajyk,
iň esasy - karam oýnaýan, ozýan,
hakykatda öz-özüni pyçaklap,
seni ýaralanda her gezek agyr,
ýa-da sowa gecip salan pyçagy,
arkaňdaky ýaralary sanama,
sanan ýaly sürmekide paçagy...