Surat

Halasgäriň derdi

Bir elde kyn tutmak iki garpyzy,
aýdaly, hem halas edip ýurduňy,
hem gara sanawyn düzüp bolmaýar
göreşeniň ýurdy üçin has uzak,
jenaýat işlerin açyp hyýalda,
öz ýanyňdan gurup demirden duzak,
toslama, gybata, gepe ynanyp,
ynanasyň gelip, dogrusy, ýaman,
böken ýaly beýik diňden, ýa, alla,
düşäweri diýip suw ýa-da saman?!.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024