Petik syýasaty
Niýetiň aldamak bolanda ili,
peýdalanmak bolsa sada milletden,
gara güni güýgy bolan ýüz ýyllap,
okuwsyz, bilimsiz, galan minnetde,
okatmak däl, okatmazlyk bolanda,
ýa okatsaň ýarym-ýalta, ýalany,
ýarym hakykaty boýnuna dakyp,
ider ýaly edip islän ugruňa,
azaşdyrsaň obasynda, şäherde,
ýüze tutup ýalançyny, satlygy,
çyn sözlini ýere soksaň zäherläp,
ýeňsesinden sypap kim bolsa ogry,
dilinde il-günüm ýa hudaý diýýän,
dolandyryp bolar ap-aňsat, dogry,
arman gelejegi bolmaýar halkyň,
ýok etseň içinden düzüwin sogrup.