Surat

Başga biri urulanda

Başga biri urulanda,
başga biri sögülende,
şyltak atylanda adama açyk,
ýa keýpine daşmy-kesek zyňylsa,
golaý gelmän, daşa gaçyp,
prokuror bolsa öňýeten asy,
biri-birin garalasa aljyran,
biri-birin iýýär diýip begenme,
sebäbi başgany sylap bilmedik,
sylamaýan ozal başda özüni,
güýji ýetse, ýesir edýän, öldürýän,
eli ýetse, urýan haýwan-ynsany,
seniňem üstüňe abanyp biler,
iki günlük dünýäň hany, soltany
bolan bolup bir gün jan alyp biler,
ýa bolmanda bardyr dogan-gardaşyň,
başga biri bogulanda begenme,
çekmese-de döwüleni göz-gaşyň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024